Behişdi bedewleriň mekany
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Behişdi bedewleriň mekany

Syýasat
27.04.2024  26

Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda her ýyl uludan bellenip geçilýär. Bu baýramyň dabaralara beslenýän günlerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, jenneti bedewlerimiziň gözelligini wasp edýän ussat suratkeşleriň, halyçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Bedewlerimiziň seýkin basyp ýöreýşi, laçyn kimin okdurylyşy, dal kaddy-kamaty Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde, aýlawlarda diňe bir halkymyzy däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar.

Türkmen atlary iň gadymy atlar hasaplanýar. Gadymy ýazgylarda, Parfiýa döwleti bilen bagly golýazmalarda bular barada giňden beýan edilýär. Bu döwürde guýrugy düwlen atlaryň ýurduň oňony hökmünde mukaddes saýylandygy ýazylýar. Gadymy ýunan akyldary Ksenofen şeýle ýazýar: «Midiýada Nusaý atly jülge bar. Ana, şol jülgede hem ajaýyp atlar ýetişdirilýär. Bu ýeriniň halky atlaryna edil özleriniňki deýin misden edilen göwüslik ýaly sowutlary dakýarlar. Atlaryň uýanlarydyr agyzdyryklaryny, bilçekiniň uçlaryny tylla bilen haşamlaýarlar». Şular ýaly ýakymly teswirlerdir ýatlamalar gadymy döwrüň, orta asyryň, ondan soňky döwrüň ýazgylarynda köp gabat gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewleriniň döreýiş taryhy bilen aýratyn gyzyklanýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary halkymyzyň çuňňur söýgüsini gazandy.

Türkmenistan tarapyndan teklip edilen ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, milli senetçilik sungatymyzyň, atşynaslyk däpleriniň umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna öwrülmegi başymyzy göge ýetirdi.

image