Berkarar döwletimizde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi behişdi bedewlerimize goýulýan sarpanyň belentdigini subut edýär. Halkymyz behişdi bedewlere gadymdan bäri sarpa goýup gelipdir. Halk döredijiliginde hem bedew bilen baglanyşykly däp-dessurlar, aýtgylar örän köpdür. Bular baradaky söhbediň başyny nusgawy edebiýatymyzyň dürdänelerinden başlasak ýerlikli bolar.
Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň döredijiliginde behişdi bedewleriň waspy belentden ýetirilýär. Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýen setirler il arasynda nakyla öwrülip gidipdir. Şahyryň:
Bedew münen hassa bolsa sag olur,
Çeşmi hyra olur, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň!
Gurbanaly Magrupynyň:
Hak ezelde halk eýlemiş,
Bir ajaýyp zatdyr bedew.
Jennet Byragy diýmişler,
Ýalançyda atdyr bedew —
diýen setirleriniň mysalynda bedewleriň behişde deňelendigini görmek bolýar. Bu bolsa nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň çeper keşbiniň ussatlyk bilen işlenendigini görkezýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň:
At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek —
diýen setirleri türkmen ýigidiniň keşbiniň hemişe bedew aty bilen çeper suratlandyrylandygyny alamatlandyrýar. Türkmen bedewiniň waspy nusgawy edebiýatymyzda kämil görnüşde işlenilipdir. Bedewleriň tarypy XX asyryň ussat şahyrlarynyň döredijiliginde hem uly orna eýe bolupdyr. Şahyr Rehmet Seýidowyň:
Mert ýigide ýoldaşydyr wepaly,
Münseň göwnüň açar üsti sapaly,
Dile düşýän göýä adam mysaly
Bedewler kişňeýär biziň illerde —
diýen setirlerinde halkymyzyň atyň kişňemeginiň toý-baýrama sebäpdigi hakyndaky ýagşy yrym-ynançlary joşgunly beýan edilýär. Kişňeýän bedewler şatlygyň, joşgunyň alamatydyr. Bilşimiz ýaly, türkmen toýlarynyň şowhuny at çapdyrmak bilen başlanypdyr.
Beýik işleriň geljege binýat bolýan häzirki ajaýyp günlerde halkymyzyň behişdi bedewler hakyndaky ajaýyp oý-hyýallary döwrüň ruhuna kybap derejede şöhratlanýar. Behişdi bedewleriň ady bilen baglanyşykly şu ýylymyzda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň naýbaşy baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna ajaýyp sowgatdyr.