Şaý-sepleriň arasynda at şaýlary öz çeperçilik görnüşleri boýunça özboluşly häsiýete eýedir. Zergärler at şaýlaryny, esasan, ösümlik dünýäsinden alnan nagyşlar bilen haşamlapdyrlar. At şaýlary sarpasy belent ahalteke bedewleriniň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan — bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, göz-dilden goraýjy serişde hökmünde hem hyzmat edýär.
Halkymyzyň taryhynda altyn-kümüş şaýlaryň taýýarlanylyşy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen milli şaý-sepleriniň ählisi kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn suwy berlipdir. Özleriniň köpdürlüligi, owadanlygy, nepisligi bilen tapawutlanýan türkmen gyzlarynyň şaý-sepleri ýaly, türkmen bedewleriniň şaý-sepleri hem özboluşlydyr.
At bezegleriniň biri göwüsbentdir. Ol tekiz görnüşde ýasalyp, balygyň şekilini ýatladýar, ýagny balyk teňňesi görnüşinde bezelýär. At şaýlarynyň ýene bir görnüşi gursak şaýlary bolup, olar göwüsbendiň guşagynyň tutuş ýüzüni balyk teňňesi görnüşinde örtüp, esgerleriň sowudyny ýadyňa salýar. Göwüsbendiň ýüzi güberçek görnüşde bezelýär. Onuň ortasyndaky tegelege hakyk gaşy salynýar.
At şaýlarynyň arasynda gözlük şaýy hem uly orun eýeleýär. Ol dürli görnüşde bolup, atyň maňlaýyna dakylýar. Ony synlanyňda, onuň diňe bezeg üçin däl, eýsem, göz-dilden goramaga hem niýetlenendigine göz ýetirmek bolýar. Gözlügiň merkezinde gaty uly bolmadyk hakyk gaşy ýerleşdirilip, etekleri seçekler bilen örtülýär.
Atyň boýnuny bezeýän şaý boýunlyk diýlip atlandyrylýar. Atyň boýnuna olaryň birbada birnäçesi dakylýar. Boýunlyklar birnäçe görnüşde — inçe, ýogyn guşak görnüşinde bolup bilýär. Onuň ýüzüne oýulan ýagdaýda ösümlik şekilleri salnyp, altyn çaýylýar we olaryň ýüzünde birnäçe setir tegelek hakyk gaşlary ýerleşdirilýär. Hatda atyň uýanyny hem gylyç şekilli şelpeler, düwmejikler bilen bezäpdirler. Uýana dakylýan hakyk daşlary-da goraýjy bolup hyzmat edipdir.
At şaýlarynyň ählisi atyň batyrlygyny, başarjaňlygyny, çydamlylygyny aňladypdyr.