Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ajaýyp üstünliklere, şan-şöhratly ýeňişlere beslän 2025-nji ýyl tamamlanyp, Täze — 2026-njy ýyl, bedew ýyly ýetip gelýär. Goý, 2026-njy ýyl hem her bir maşgala üçin arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly bolsun!
Halkymyzda 12 ýyldan ybarat bolan bir möwsüm «müçe» diýlip atlandyrylýar. Bu ýyllaryň hersine bir jandaryň ady dakylyp, biri-birinden tapawutlandyrylýar. Ýyla haýsy jandaryň ady dakylan bolsa, şoňa mahsus häsiýetleriň şol ýylda kän ýüze çykjakdygyna ynanylýar. Eger-de müçe ýylynyň ady toýnagy gaty haýwanlar bilen bagly bolsa, şol ýylda howanyň sowuk bolmagyna garaşylýar. Muňa atlary müçelere dakylan sygyr, ýylky, doňuz ýaly haýwanlary mysal getirmek bolar. Ýumşak paşmakly haýwanlaryň ýylynyň bolsa aglaba maýyl bolýandygyna ynanypdyrlar. Ekin-dikiniň ýagdaýy, bitginlilik, hasyllylyk, ygal-ýagmyryň ýagdaýy hem şeýle röwüşde kesgitlenipdir.
2026-njy ýyl özüniň müçenama tertibi boýunça bedew ýyly hasaplanýar. Esasan hem, müçenamalar teswirlenende onuň tebigatyna üns berýärler. Ýyldyznama ylmy bilen gyzyklanýanlaryň tassyklamagyna görä, türkmeniň iň arzyly maly, buýsanjy bolan bedewiniň adyny göterýän ýyl hem gowy ýyllaryň biridir. Bedew ata çalasynlyk, ýyndamlyk mahsusdyr. Şonuň üçin bu ýylda köpden bäri ýürekde düwüp ýören maksatlaryňyzyň ýa-da islegleriňiziň hasyl bolmagy üçin haýal-ýagallyga ýol bermän, çalasynlyk bilen işe girişmek ündelýär. Bu ýylda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, ynsanlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamak ýylyň we ömrüň berekedini artdyrjak sebäpleriň biri bolar. Bedew gaty toýnakly jandar, şonuň üçin bu ýylda howa aglaba halatda sowuk bolar diýlip çaklanylýar. At ýyly asuda, parahat ýyllaryň biri hasaplanylýar. Taýsyz gözelligi özünde jemleýän bu janawaryň adyny göterýän geljek ýylda Diýarymyz öňkiden-de gözelleşer, şeýle-de bu ýylda azyk bolçulygyna, saçaklarymyzyň bereketli bolmagyna garaşylýar. Türkmenlerde ýöne ýere «At agynan ýerde toý bolar» diýlenok. Bu ýylda toý-baýramlaryň sany hem artyp, her bir maşgala şatlyk-şowhun bagyşlar. Eýsem, bedew ýylynda doglanlar nähili häsiýetleri özlerinde jemleýärkä?!
Aýtmaklaryna görä, bedew ýylynda doglanlar ruhubelent, şadyýan, görnükli adamlar bolýarlar. Olar oňat geýinmegi, toý-tomaşany, şagalaňy halaýarlar. Puly sarpaly tutmagy başarýarlar. Bulardan ökde sport ussatlary çykýar. Özlerem akylly, düşbi, ýöne geplemsegräk bolýarlar. Olar akyl zähmetine-de, fiziki zähmete-de ukyply bolýarlar. Güýje berilýän zatdanam haklaryny goýbermeýärler. Işleri elmydama şowuna bolýar. Ýyldyznama ylmy bilen gyzyklanýanlaryň tassyklamagyna görä, bedew ýylynda doglanlar, köplenç, öz bähbidini bilýän, özüne bähbit gelmejek işlerden daşda durýan adamlar hasaplanýar. Olar tebigaty boýunça garaşsyz, özdiýenli, göwnüne düwen işini ýerine ýetirýärler.
Türkmenlerde her ýylyň öz rysgy bilen gelýändigi barada aýdylýar. Sabyr-kanagatly türkmeniň göwni ýaly bereketli gelýän ýyllarda halkymyzyň işleri rowaçlyga, ömri bagtyýarlyga beslenýär. 2025-nji ýyl hem türkmen halky üçin rysgally, bereketli, düşümli ýyllaryň biri boldy. Geljek 2026-njy ýylda-da halkymyza üstünlikleriň, rowaçlyklaryň ýar boljakdygyna berk ynanýarys.
Goý, Täze ýylda eziz Watanymyzyň şan-şöhraty bedew bady bilen has-da öňe ilerlesin! Ýetip gelýän Täze — bedew ýylyňyz gutly-mübärek bolsun, eziz watandaşlar!