Akyl-parasada baý, bilime, ylma teşne ata-babalarymyz janly tebigat — daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň köp görnüşlerini, iki tarapa-da peýdaly usullaryny döredip, barha kämilleşdirip, soňky nesillere gymmatly miras galdyrypdyrlar. Biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan bedew atlaryň düşbüliginde, duýgurlygynda, ynsana, eýesine wepalylygynda pederlerimiziň çäksiz zähmeti hem-de zehini, yhlasly, dowamly tagallalary bar.
Gahryman Arkadagymyzyň at-owazasy, abraý-mertebesi dünýä dolan bedewlerimiziň taryhyna, şu günki ýeten belentliklerine, geljegine, atşynaslyga, seýisçilige bagyşlap döreden ylmy we çeper eserleri biziň her birimiz üçin bahasyz baýlyk, kämil mekdep bolup durýar.
Milli Liderimiziň egsilmez paýhas hazynasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarynda halkymyzyň gadymlardan gelýän seýisçilik, atşynaslyk däplerini döwrebap ösdürmek barada gyzykly gürrüň berilýär. Behişdi bedewlerimiziň yklymlara dolan şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen barha belende göterilýär. Halkymyzyň atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şeýle beýik işleriň miwesidir.
Şöhratly bedewlerimiz diňe gözelligiň nusgasy bolman, eýsem, ata Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan ýeňişleriniň, ýetýän sepgitleriniň hem egsilmeýän çeşmesidir. Ýagşy niýetler bilen şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň özi hem ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny bütin äleme jar edýär.
Toýlarymyzyň görki, dabaralarymyzyň bezegi, ruhlandyryjy güýji bolan dal bedewlerimiz barada ata-babalarymyzyň: «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin», «Perzent dilemedim, seni diledim» diýen dürdäne sözleriniň özem ynsan gylykly bedewiň ynsanpisint häsiýetlerine düşünmäge kömek edýär.