Bedew batly Türkmenistan
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Bedew batly Türkmenistan

Jemgyýet
20.01.2026  157

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ösüşleri bedew badyna beslenýär. Munuň şeýledigine geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýokary zähmet ýeňişleriniň, baý taryhy wakalaryň ýyly bolandygy hem şaýatlyk edýär. Agzybir halkymyz ýene bir şanly ýyly — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Üstümizdäki ýylyň şeýle şygar bilen atlandyrylmagy çuňňur many-mazmun gymmatlygyna eýedir.

«At — myrat» diýen paýhasa eýerýän halkymyz bedew atlary asyrlarboýy özüniň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy hasaplap gelipdir. Aslynda, türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, edermen türkmen ýigitlerimiz mukaddes topragy, ata Watany goramak üçin dal bedewe atlanypdyrlar. Şol sebäpden halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde, şeýle hem nusgawy edebiýatymyzda bedew atlarymyz bilen baglanyşykly çeper eserlere, gymmatly maglumatlara yzygiderli gabat gelmek bolýar.

Türkmen edebiýatynda çuňňur yz goýan nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mätäjiniň eserlerinde hem bedew atlaryň waspyny görmek bolýar. Nusgawy edebiýatymyzyň kerwenbaşysy Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar ynsan ýaly syzýar» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, häsiýetli bedewlerimiz ynsan duýgularyna, adamyň begenjine, gynanjyna düşünip bilýän seýrek jandarlaryň biridir.

Bedewlerimiz baradaky «At ady bilen, ýigit ody bilen», «At toýnagyny taý basar», «At üstüne müneni tanar», «At ýaryşda, är söweşde», «At agynan ýerde toý bolar», «At saklamak — han saklamak», «At rysgaly alnynda» ýaly nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan söýgüsiniň beýanydyr.

Ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» ýaly ajaýyp kitaplarynda ahalteke bedewlerimize mynasyp baha berilýär. Ahalteke atlary özüniň güýçlüligi, ýyndamlygy, owadanlygy bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr.

XX asyr türkmen şygryýetinde öçmez yz galdyran Gurbannazar Ezizow:

 

 

— Şat günüňde şatdyr ol,

Toýda şöhratyň bolar.

Magşar güni aglanlaň

Birisi atyň bolar —

diýse, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow:

 

— Gözüňe söwdügim şeýle bir bedew:

Alkymy-daglaryň alkymy ýaly,

Ýakymy-bägüliň ýakymy ýaly,

Ýallary-hüýr gyzlaň çokuly ýaly,

Guýrugy-maýsanyň tolkuny ýaly,

Akyly-dananyň akyly ýaly —

 

diýip, bedew atlarymyzyň tarypyny örän sazlaşykly şekilde beýan edýärler.

Häzirki wagtda behişdi bedewlerimiz diňe bir toý-baýramlarymyzyň bezegi bolman, eýsem, dünýä derejesinde buýsanç nyşanyna öwrülýär. Bu günki günde sagdynlygyň we gözelligiň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dost-doganlygyň binýady
09.01.2026   138
Jemgyýet Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady
06.06.2024   659
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   507
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   375
Jemgyýet «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
24.12.2025   222
Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   468
Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   274
image