Bedew batly ösüşleriň menzili
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Bedew batly ösüşleriň menzili

Jemgyýet
19.01.2026  152

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir döwletli, sahawatly ýyly şygara beslemek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyz tarapyndan uly buýsanç, çäksiz hoşallyk bilen kabul edildi. Sebäbi ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň tutuş ýylyň dowamynda uly dabara bilen belleniljekdiginiň, ata Watanymyzyň obadyr şäherleriniň toý ruhubelentligi bilen gurşaljakdygynyň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletimizde toýlar-toýa ulaşýar, ösüşlerdir özgerişler bolsa biri-birine sepleşip, ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny berkidýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň uzak geljegi nazarlaýan tutumlaryny, öňde goýlan belent maksatlaryny myradyna gowşurjak, bedew batly ösüşlere beslejek ýyllaryň biri bolar. Ýylyň şygaryndaky «bedew bady» diýen ajaýyp jümle ata Watanymyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini, belent sepgitlerini alamatlandyrmak bilen, täze taryhy döwrüň ruhy galkynyşynyň hem aýdyň beýanydyr. Çünki gözellikde, ýyndamlykda dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr. Pederlerimiz bedew atlaryny maksat-myradyna ýöne ýere deňän däl bolsalar gerek. Bu gadymy pähimiň şanly ýylyň şygarynda özboluşly beýan edilmegi tutuş ýylyň dowamynda durmuşa geçiriljek tagallalaryň ata Watanymyzy ösüşleriň rowaç ýolunda bellenilen menzillere, arzyly sepgitlere ýetirjekdigi, dürli ugurlar boýunça milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan il-ýurt bähbitli işleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigi hakyndaky hakykat aýdyň şöhlelenýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew batly ösüşler
28.02.2026   151
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   173
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   349
Jemgyýet Zamana buýsanjyň beýany
07.02.2025   368
Jemgyýet Milli mertebäniň belent sarpasy
09.07.2025   258
Jemgyýet Bedew batly Türkmenistan
20.01.2026   173
image