Bedew batly ösüşler
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Bedew batly ösüşler

Jemgyýet
28.02.2026  94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obalarymyz, şäherdir şäherçelerimiz uly özgerişliklere beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Uly özgerişliklere beslenýän, biri-birinden gözel binalary synlanyňda bolsa kalbyň heýjana gelip, ruhuň al-asmana göterilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň ösüşli, özgerişli, parahatçylykly ýyllarynda biziň her birimiz eşretli zamanamyzyň hözirini görüp-duýup ýaşaýarys.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýyl hem özüniň ajaýyp üstünlikleri bilen rowaç alýar. Mälim bolşy ýaly, ýylymyzyň ilkinji günlerinde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylandygy hakyndaky şatlykly habar diýseň begendirdi, göwün guşumyzy göterdi. Diýarymyzyň şeýle ajaýyp üstünliklerine, ösüşlerine, özgerişlerine buýsanyp ýaşamak uly bagt!

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bu baradaky milli maksatnamanyň üznüksiz durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine biziň obalarymyzyň ajaýyp özgerişlere, uly ösüşlere beslenmeginde hem anyk göz ýetirmek bolýar. Öňler Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşligi diýlip tanalýan oba indi Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçe hökmünde tanalýar. Şäherçämiziň aýna ýaly gara ýollary, owadan çyralary onuň gözelligini has-da artdyrýar. Bu ýerde häzirki zamanyň maglumat, multimedia enjamlary bilen üpjün edilen 7 sany orta mekdepde ýaşlar döwrebap bilim alýarlar.

Şäherçäniň merkezinde özboluşly durky bilen töwerege görk berip oturan medeniýet öýünde dürli medeni çäreler geçirilip, adamlar joşgunly zähmet çekmäge höweslendirilýär. Medeniýet öýünde aýdym-saz, tans, şekillendiriş we amaly-haşam, çeper okaýyş gurnaklary hereket edýär. Bu ýerde oba ýaşlarynyň sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilen. Şeýle hem onda 4 müňden gowrak kitap gaznasy bolan etrap kitaphanasynyň şahamçasy köpçülige hyzmat edýär. Kitaphana gelýän okyjylaryň sany bolsa gün-günden artýar. Medeniýet öýüniň gurnaklary, höwesjeň toparlary ekerançy daýhanlaryň armasyny ýetirip, dürli çykyşlary bilen halkyň söýgüsini gazanýarlar. Şäherçäniň şeýle uly ösüşlere eýe bolmagy, bedew bady bilen belent sepgitlere ýetmegi biziň ganatly kalplarymyzy has-da joşdurýar.

Meňzeş habarlar

image