Bedew atyň tarypyny sözlesem...
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Bedew atyň tarypyny sözlesem...

Jemgyýet
28.03.2026  70

Türkmen halkynyň uçar ganaty hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň owadanlygyna, ýyndamlygyna, eýesine wepadarlygyna, duýgurlygyna ýokary baha berýändigi hemmelere mälimdir. Milli Liderimiziň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp kitaplarynda olar barada aýdylýan ýakymly sözler, getirilýän maglumatlar munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär. Ata-babalarymyzyň gamyşgulak bedewlerimizi seýislemekde, terbiýelemekde alyp baran işleri, olara belent hormaty şu kitaplarda giňden şöhlelendirilýär.

Halkymyzyň gadymy döredijiliginde, baý edebi mirasynda hem bedew atlarymyza uly orun berilýär. Muňa mysal hökmünde onlarça eserleri agzamak bolar. Olardan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Atça bolmaz», nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Gurbanaly Magrupynyň «At ýagşydyr», Seýitnazar Seýdiniň «Üsti bedewiň», Annagylyç Mätäjiniň «Bedew», Misgingylyjyň «Arap at ýagşy», Öweztagan Kätibiniň «At wepadary ýigidiň» ýaly goşgularynda bedew atlarymyzyň tarypy ýetirilýär. Şonuň ýaly-da, geçen asyrda ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň hem bu barada goşgy ýa-da eser döretmedigi ýok diýerlikdir.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek, waspyny ýetirmek, olary idetmek, kämilleşdirmek ugrunda has-da möhüm çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýyl giňden bellenip geçilmegi, olary idetmäge, seýislemäge ähli gujur-gaýratyny sarp edýän atşynaslara, seýislere uly hormat goýulmagy biziň şu aýdanlarymyza anyk mysal bolup biler.

Häzirki wagtda türkmen bedewlerine bolan gyzyklanmanyň, olara hormat-sarpanyň bütin dünýäde barha artýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Ahalteke bedewlerini köpeltmek ugrunda dostlukly ýurtlarda ýaşaýan köp sanly atşynaslaryň aýratyn alada etmekleri munuň aýdyň nyşanydyr. Şeýle meşhur atşynaslar her ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşyp, öz guwanç-buýsançlaryny beýan edýärler, biziň atşynaslarymyzyň iş tejribesi bilen tanyşýarlar. Şeýlelikde, türkmeniň bedew atlary halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine, ýygjamlaşmagyna hem uly goşant goşýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bir söz bilen aýdylanda, bu gün dünýäde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň abraý-mertebesi gitdigiçe belende göterilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   385
Jemgyýet Taryhy geçmişiň şaýady
01.05.2026   52
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
11.10.2024   376
Jemgyýet Syýasy waka bagyşlandy
07.08.2025   205
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   154
Jemgyýet Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
05.04.2025   327
Jemgyýet Durnukly ösüş — eşretli durmuş
05.05.2026   51
Jemgyýet Halkara maslahata bagyşlanan dabara
26.07.2025   185
image