Bedew atyň tarypyny aýdaly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Bedew atyň tarypyny aýdaly

Jemgyýet
15.04.2024  464

Bedewleriň syzgyrlygy, ýyndamlygy, güýçlüligi, ylahy  üşükliligi, eýesine wepadarlygy dogrusynda gadymdan galan hekaýatlar, rowaýat kysmy gürrüňler halk içinde kän. Şeýle gürrüňleriň birini obadaş ýaşulularyň birinden eşidipdim. Şol hekaýatda aýdylyşyna görä, gum içindäki obalaryň birinde mal-garaly, barjamly bir çopan ýaşapdyr. Öýlenip, özbaşdak öý-ojak bolup, halallygy, zähmetsöýerligi durmuş ýörelgesine öwren çopanyň goýunlarynyň baş sany ýylyň-ýylyna artyp, özbaşyna bir süri bolupdyr. Çopanyň ýakyn syrdaşy saýýan bedew aty hem bolupdyr. Ol uly aýlawlarda hemişe baýrakly orunlary eýeleýän bedewini aýratyn yhlas siňdirip seýisläpdir.

Günlerde bir gün çopan bedew atynda ynjalyksyzlyk duýýar. Şol gün agşam diýseň güýçli ýel turup, asman-zemini saýgarar ýaly bolmandyr. Uzakly gije dowam eden ýel daňdana golaý köşeşipdir. Daňdan adaty endigine görä ýataga baryp, mallaryndan habar alan çopan ahyrda bedew atynyň ýoklugyny bilýär. Serinden dürli pikir-oýlar gelip geçen çopan derhal bu ýagdaýyň sebäbini anyklamaga girişýär. Goňşy-golama, obadaşlara habar ýetirýär, emma gördüm-bildim bolmaýar. «Durnaň üstüne urna» diýlişi ýaly, şol wagt  çolugy hem agşamky tupanda goýun sürüsiniň hem tazygyp gidendigini habar berýär. Çopan wagt ýitirmän, obadaşlary bilen mallaryň gözlegine çykýar. Ýerli-ýerden yz çalyp ýörüşlerine uzaklaşman sürini tapýarlar. Sürä möjek aralaşyp mallaryň ýaralysynyň bardygyny bilýärler. Derhal sanap, sürüden kän malyň kem däldigini anyklaýarlar. Şonda çopany hem onuň ýanyndakylary bir ýagdaý haýran galdyrypdyr. Ýagny süriniň gapdalynda çopanyň bedewi hem gezip ýören eken.  Hol beýlede gapyrgalary kül-owram bolan möjegiň jesedi ýatan eken. Çopan sürini möjekden halas eden bedewiniň boýnundan gujaklapdyr.

Bu gürrüň bedewleriň näderejede duýgurlygyny, halkymyza Hak tarapyn berlen syrdaşdygyny beýan eýleýän wakanyň hekaýaty. Şemalsyz çöp başynyň gymyldamaýşy ýaly, hekaýatlar ýöne ýerden, howaýylykdan döremeýär. Hekaýatlar  durmuş hakykatyndan gözbaş alyp döreýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   355
Jemgyýet «Ekologik medeniýet» atly festiwal
11.11.2024   322
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   222
Jemgyýet Hakdan halatly ene
02.07.2025   263
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
07.03.2024   1040
Jemgyýet Naryň peýdasy
13.10.2025   272
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   336
Jemgyýet Jana şypaly melhemler mesgeni
22.07.2025   300
image