Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň şatlyk-şowhuny çar ýanymyzy gurşap alýar. Bu dabaralar güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, biziň gojaman hem nowjuwan Daşoguz welaýatynda-da giň gerime eýe bolýar. Welaýatyň zähmetsöýer ilaty taryhymyza zer ýazgylary bilen girýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny egsilmez üstünliklere, rowaçlyklara beslemek bilen, Täze — 2025-nji ýyly tutumly, döwletli işleri durmuşa geçirmek ruhunda mynasyp garşylaýarlar. Muňa baýramçylyk dabaralarynyň giňden bellenýän günlerinde welaýatyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň ýüz-gözlerindäki şatlyk hem-de döwre hoşallyk duýgulary aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öň ýanynda ak bazarlarymyzda giňden guralýan söwda hyzmatlary hem alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Daşoguz şäheriniň merkezinde ýerleşýän daýhan bazarynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan söwda ýarmarkasy halkymyzyň hyzmatynda. Bu ýerde arçalaryň dürli ululykdaky görnüşleri, olaryň bezegdir oýnawaçlary, baýramçylyk sowgatlyklary, aýratyn-da, körpejeler üçin sowgatlyk harytlar has-da gözüňi dokundyryp, göwünleri göterýär. Edil ertekilerdäki ýaly ajaýyplyklary ýatladyp duran bazaryň söwda nokatlaryndan alyjylar arçadyr dürli öwşün atyp duran jäjekleri, zerjagazlary hem-de körpeler üçin ertekilerdäki gahrymanlaryň lybaslarynyň dürli görnüşlerini satyn alyp bilýärler.
Şeýle-de bazarlaryň özümizde öndürilýän gök we bakja önümlerinden dolup durmagy, olaryň elýeterli bahalardan ilata hödürlenmegi bellärliklidir. Munuň özi baýramçylyk toý saçaklarymyzyň dürli nygmatlardan doly bolmagyny üpjün eder.