Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Jemgyýet
25.12.2024  336

Berkarar döwletimize şatlyk-şowhun paýlap gelen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň bagtyýar çagalary üçin hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Daşoguz welaýat häkimliginiň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde döwletli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Soňra aýdym-sazyň hoş owazy astynda bagtyýar çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Kalby şatlykdan doly körpeler özleriniň ýürek joşgunyny ajaýyp goşgularyňdyr aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Dabarada welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň ýaş zehinleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler
05.03.2026   71
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   107
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   374
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   455
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   388
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   389
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   404
image