Baýramçylyk sowgady gowşuryldy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Baýramçylyk sowgady gowşuryldy

Jemgyýet
05.03.2025  384

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda bitirýän uly hyzmatlary, Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändigi nazara alnyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, baýdak boýly gyz-gelinlerimize hormat goýmak babatdaky asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgadynyň gowşurylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem bu asylly çäre ýokary guramaçylykly geçirildi. Çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen dabaralarda zenanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýan bu ajaýyp sahawaty üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýtdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Üstünliklere beslenen taryhy ýyl
29.12.2025   159
Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   150
Jemgyýet Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
18.04.2026   124
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   397
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   230
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   216
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   462
image