Baýramçylyk konserti
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Baýramçylyk konserti

Jemgyýet
13.12.2025  201

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň häklimliginiň guramagynda welaýat merkezindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň tomaşaçylar zalynda konsert geçirildi. Onda welaýatymyzyň tanymal bagşylary, ýaş ýerine ýetirijileri, ýetginjekler we çagalar toparlary hoş howazly aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu günki gün döwletimiziň Bitaraplyk halkara hukuk derejesine laýyklykda daşary syýasat ugry üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diňe bir döwletimiz hem halkymyz däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiligi türkmeniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgesiniň gadyr-gymmatyny duýup ýaşaýarlar ýurdumyzyň adamzat jemgyýeti üçin öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Muny BMG-niň Baş Assamleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda döwletimiziň Bitaraplyk halkara hukuk derejesini tassyklaýan ady bir Kararnamalaryň kabul edilmeginiň mynaslynda aýdyň görmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistanyň tutuş dünýäde parahatçylygyň nuruny ýaýýan oňyn döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň doly kepili bolup durýar.

Konsertiň dowamyndaky köpöwüşginli çykyşlarda şu hakykaty beýan edýän hoş owazly nagmalar belentden ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   218
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   150
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   358
Jemgyýet Ajaýyp döwrümiziň şirin owazy
31.07.2025   237
Jemgyýet Halkyň taryhy ýady we ruhy hazynasy
09.06.2026   115
Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   312
Jemgyýet Belent mertebedir, Watan goragy
28.01.2026   137
image