Baýramçylyk joşgunyna beslenen dabaralar
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Baýramçylyk joşgunyna beslenen dabaralar

Jemgyýet
26.09.2024  376

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar uly ruhy joşguna beslenýär. Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk – parahatçylygyň we dostlugyň gözbaşy» diýen şygar bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem täsirli pursatlara baý boldy. Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi bilen welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Garaşsyzlygyň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar soňra bu ýerde baýramçylyk mynasybetli guralan kitap sergisini synladylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   262
Jemgyýet Sagdyn bedende — sagdyn ruh
03.04.2026   70
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   120
Jemgyýet Işjeňligiň hem zehiniň sazlaşygy
03.10.2025   126
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
20.02.2026   92
Jemgyýet Talyp kalbynyň joşguny
19.12.2024   348
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   299
image