Baýramçylyk joşguny
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Baýramçylyk joşguny

Jemgyýet
27.12.2024  298

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, buýsançly şygara beslenen şöhratly ýylymyzda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, döwlet durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar dogrusynda belledi. Şeýle-de dabara gatnaşyjylary eziz Diýarymyza gadam basýan Täze — 2025-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňra zenanlar guramasynyň işjeň agzalary dabara gatnaşyjylara baýramçylyk mynasybetli ýürek arzuwlaryny aýtdylar. Älemgoşar öwüşginli bezelen toý mekanynyň sahnasyna Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi uly şowhun döretdi. Dabara gatnaşýan zenanlar Aýazbabadan öz bijesinden çykan baýramçylyk sowgatlaryny aldylar.

Göçgünli ýaňlanan aýdymlar, joşgunly tanslar dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, zenanlaryň buýsançly kalplaryny joşa getirdi. Dokma önümlerinden taýýarlanan, zenanlara we çagalara niýetlenen milli lybaslaryň görkezilişi dabaranyň täsirliligini, milliligimize buýsanjy artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk konserti
13.12.2025   133
Jemgyýet Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
12.04.2024   414
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   343
Jemgyýet Usuly-amaly okuw
13.01.2026   101
Jemgyýet Kanuny döwlet
05.12.2025   142
Jemgyýet Şa serpaýy — belent hormat
18.12.2025   116
Jemgyýet Ruhy bitewüligiň baýramy
28.05.2026   40
image