Baýramçylyk dabarasy geçirildi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Jemgyýet
01.01.2026  170

Täze ýyl baýramçylygynyň joşguny degre-daşa uly şatlyk, ruhy joşgun eçildi. Asuda Watanda, bagtyýarlygyň gül goýnunda ýaşaýan ildeşlerimiz baýramçylyk mynasybetli birek-biregi ak arzuwlary bilen mübärekleýärler. Şeýle ruhubelentlik Daşoguz welaýatynda hem baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralara, baýramçylyk agşamlaryna-da mahsus boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz ülkäme!» atly şygar bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda geçirilen dabara birleşmäniň jogapkär işgärleri we ähli pudaklardan KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Täze ýyl bilen birek-biregi mähirli gutladylar. Eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy üstünlikleri dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Dürli öwüşginli baýramçylyk sahnasynda Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň belent owazly aýdymlary ýaýbaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   211
Jemgyýet Gözelligiň we nuranalygyň baýramy
06.03.2024   1092
Jemgyýet Ylymlar gününe
12.06.2026   79
Jemgyýet Çäksiz hoşallygyň ruhubelentligi
12.08.2025   220
Jemgyýet Işjeňligiň belent nusgasy
21.08.2025   193
image