Baýramçylyk dabarasy geçirildi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Jemgyýet
04.12.2024  397

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Bitaraplyk, parahatçylyk we dost-doganlyk bakydyr» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda halkymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şöhratly senesine mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýandyklary barada belläp geçdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň birnäçe abraýly halkara guramalaryň agzalygynda Bitaraplyk derejesine esaslanyp, bütin dünýäde sazlaşykly ykdysady ösüşiň hemde parahatçylygyň pugtalanmagyna öz saldamly goşandyny goşýandygyny nygtadylar.

Dabaranyň dowamynda baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Ýylyň zenany — 2025»
14.02.2025   607
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   173
Jemgyýet Bol harytly mekdep bazarlary
14.08.2024   559
Jemgyýet Kitaphanaçylar bäsleşdiler
19.12.2025   195
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   228
Jemgyýet Bilimler dünýäsine tarap ak ýol
19.07.2024   457
Jemgyýet Ýollarymyz asuda bolsun
27.09.2025   175
image