Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabara geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada şanly sene mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş edildi. Çykyşlarda milletimiziň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde giňden dabaralandyrylýandygy, ýaş nesli kämil ruhda terbiýelemekde ýaşulularyň ornuna çuňňur baha berilýändigi barada täsirli gürrüň edildi.
Soňra ýaşuly nesliň wekillerine welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan baýramçylyk sowgatlary, ter gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Tolgundyryjy pursatlar nesilleriň bitewüliginiň kepiline öwrülip, kalplarda hoşallyk duýgularyny artdyrdy.
Dabaraly pursatlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.