Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk saçagynyň başynda döwre gurap oturan zenanlar bir-biregi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, arzuw-dileglerini beýan etdiler. Bagtyýar durmuşa bolan kalp hoşallygy zenanlaryň nurana ýüzlerindäki ajaýyp öwüşgini has-da artdyryp, degre-daşyň täsirleri bilen özboluşly sazlaşdy. Bu bolsa baýramçylyk sahnasynda ýerine ýetirilen çykyşlaryň her biriniň lezzetiniň artmagyna we çyn ýürekden kabul edilmegine getirdi. Ajaýyp aýdymlar, owadan tanslar zenanlaryň mährem dünýäsine utgaşygyň täsirli mysalyna öwrüldi hem-de döwür bilen zenanlaryň baky bitewüligini doly açyp görkezdi.