Täze ýyl dürli ýurtlaryň millionlarça adamlary üçin iň söýgüli baýramçylykdyr. Täze ýyl baýramçylygy bütin adamzadyň iň gadymy we ilkinji baýramçylyklarynyň biri hasaplanýar. Iň gadymy ýazgylar bu baýramçylygyň başlangyjyny biziň eramyzdan öň üçünji müňýyllykdan alyp gaýdandygyna şaýatlyk edýär. Taryhda Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek assiriýalylar tarapyndan bellenip başlanypdyr. Ýöne taryhçylar bu baýramçylyk has gadymydyr we täze ýyly bellemek däbine azyndan bäş müň ýyl bolupdyr diýip hasaplaýarlar.
Bize mälim bolan şu wagtky görnüşdäki Täze ýyl baýramy gadymy Müsürden gelip çykandyr.
Rimlilerde täze ýyl biziň eýýamymyzdan öňki 45-nji ýyla çenli mart aýynda başlanypdyr. Rim imperatory Ýuliý Sezar ýulian senenamasyny girizenden soň, 1-nji ýanwar täze ýylyň ilkinji güni hasaplanýar. Ýöne bütin dünýäde täze ýyly entek ýüzlerçe ýyllap oba hojalyk möwsümine laýyklykda, bahar aýynyň başynda ýa-da güýz paslynyň ahyrlarynda belläpdirler. Gadymy halklaryň Täze ýyl baýramçylygyny mart aýynda bellemeginiň sebäbi hut şol wagt tebigat janlanyp başlaýar. Orta asyrlarda gadymy rusda we Angliýada Täze ýyl baýramyny mart aýynda belläpdirler.
Dünýäniň halklarynyň her biri Täze ýyl baýramyny özboluşly garşylapdyr.
Fransuzlar Täze ýyl külçesine kösük salýarlar. Ol kimiň paýyna düşse «kösük şasy» diýen ada eýe bolýar. Onuň bütin baýramçylyk gijesi buýruk bermäge hukugy bolupdyr. Uly ýaşlylar kösügiň çagalara düşmegi üçin aýratyn alada edipdirler.
Kolumbiýada Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymany — Köne ýyl. Ol köçelerde beýik agaç aýakda ýöreýär we gapdalyndan geçip barýan çagalara gülküli wakalary aýdyp berýär.
Kubada täze ýylyň öňüsyrasynda çagalar ene-atalary bilen ýarygijede penjireden dökmek üçin küýzeleri, bedreleri, okaralary suwdan dolduryp goýýarlar. Şeýle etmek bilen olar geçip barýan ýylyň olara beren hemme gowulyklaryna minnetdarlyk bildiripdirler.
Meksikada süýji tagam iýişlik Täze ýyl baýramçylygynyň esasy wajyp bölegi hasaplanýar. Şonuň üçin hem dogry ýarygijede her bir çaga uly köke gurjagyny sowgat almaly we ony iýmeli bolupdyr.
Öňki döwürlerde Russiýada gyzlar 31-nji dekabrda stoluň aşagyny yhlas bilen süpüripdirler. Eger-de olara bugdaý dänesi duş gelse ol gyzyň täze ýylda durmuşa çykjakdygyny aňladypdyr. Geljek bütin ýyl täze eşik geýmek üçin bolsa 1-nji ýanwarda iň oňat eşiklerini geýipdirler we günüň dowamynda birnäçe gezek çalşyrynypdyrlar.
Täze ýyl baýramçylygy berkarar ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Täze ýyl garşylananda Baş arçanyň döwresinde birek-biregi gutlamak ajaýyp däpleriň birine öwrüldi. Täze ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Bu asylly däp Täze ýylyň ähmiýetini artdyrýar.