Baýramçylyga bagyşlandy
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Baýramçylyga bagyşlandy

Jemgyýet
18.09.2025  128

TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat bagşylar muzeýiniň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň territorial goranyş müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Şöhrat Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň bilelikde guramagynda, şu harby bölümiň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de territorial goranyş müdirliginiň döredilen güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Garaşsyzlyk ganat bolup göterdi, arşy nazarlady ýollaryň Watan!» atly şygar bilen geçirilen dabarada baýramçylyklar mynasybetli buýsançly sözler beýan edildi. Şeýle hem aýdym-sazly çykyşlar guralyp, belentden ýaňlanan owazlarda döwlet berkararlygymyzyň, ajaýyp durmuşyň, gülläp ösüşleriň waspy ýetirildi.

TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan harby gullukçylara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Harby gullukçylar welaýat kitaphanasynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat bagşylar muzeýiniň şu ýerde guralan göçme sergilerine syn etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geljek şu günden gurulýar
01.07.2025   277
Jemgyýet Çagalaryň baýramçylyk çykyşlary
09.03.2026   49
Jemgyýet Belent üstünlikleriň güwäsi
13.02.2026   60
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   287
Jemgyýet Miras
25.02.2025   299
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
22.02.2025   302
Jemgyýet Ulgamyň beýik ösüşleri
21.07.2025   275
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   251
image