Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Baýramçylyga bagyşlanan maslahat

Jemgyýet
19.09.2024  382

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr dabaralar Daşoguz welaýatynda hem giň gerime eýe bolýar. Welaýat Stomatologiýa merkezinde geçirilen maslahat hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä bagyşlandy.

Welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň binýady» ady bilen geçirilen maslahata saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Garaşsyzlyk düşünjesiniň mähriban ildeşlerimiziň köňlünde egsilmez buýsanjy oýarýan, beýik döwletimize bolan söýgini kemala getirýän gymmatlyk hökmünde sarpalanýandygyny bellediler. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmekde, beýik ösüşlerimizi dünýä ýaýmakda Garaşsyzlygymyzyň uly ornunyň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çykyş edenler bular barada durup geçip, maslahata gatnaşyjylary ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen mähirli gutladylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hünäre hormatyň beýany
19.02.2025   270
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   286
Jemgyýet Kitap — terbiýe mekdebi
22.05.2025   275
Jemgyýet Ömrüň bahary
25.02.2025   289
Jemgyýet Kitaphanaçylar bäsleşdiler
19.12.2025   113
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   109
image