Baýramçylyga bagyşlanan dabara
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Baýramçylyga bagyşlanan dabara

Jemgyýet
26.11.2025  181

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak bilen bagly çäreler Daşoguz welaýatynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri Daşoguz şäher häkimliginiň, şäheriň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Toý zalynda emele gelen baýramçylyk ruhy hemmelere uly joşgun eçildi. Milli hem häzirki zaman bezeg aýratynlygyna beslenen ajaýyp görnüşler welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň guran sergileri bilen sazlaşyp, dabaranyň mazmunyny doly açyp görkezýän ýagdaýy emele getirdi.

Baýramçylyk sahnasynda şäher medeniýet merkeziniň hem-de Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belentden joşgunly ýaňlanýan hoş owazly nagmalar Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurdumyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň, dost-doganlygyň, ösüş-özgertmeleriň, döwlet Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyna öwrülip, degre-daşy gurşap aldy. Baýramçylyk saçagynyň başynda döwre gurap oturan bagtyýar zenanlaryň nurana kalplaryna ruhy galkynyş eçilen göçgünli owazlar olaryň ýürek hoşallyklaryny has-da artdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   284
Jemgyýet Kömelek — hem tagam, hem şypa
30.04.2026   104
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   86
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   769
Jemgyýet Täze eýýamda nesil terbiýesi
03.10.2024   325
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.03.2026   107
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   377
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   396
image