Baý mazmunly söhbetdeşlik
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Baý mazmunly söhbetdeşlik

Jemgyýet
20.03.2025  435

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda söhbetdeşlik geçirildi.

«Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty — abadan durmuşyň binýady» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz bilen tutuş dünýäniň arasyndaky dürli ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklaryň dost-doganlygyny berkitmekde, Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli taglymaty giňden ýaýmakda durmuşa geçirilen beýik işler barada täsirli gürrüň edildi. Buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylyň täze taryhy döwrümize şan berjek beýik işlere baýlygy bilen aýratyn tapawutlanjakdygy dogrusynda nygtalyp geçildi.

Baý mazmunly söhbetdeşlikde döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk hem beýgeltmek babatda öňde goýlan belent wezipeleriň durmuşa geçirilmegine her bir raýatyň işjeň gatnaşygyny pugtalandyrmaga tagallalaryň ediljekdigi uly ynam bilen aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze wezipeler kesgitlenildi
16.01.2026   123
Jemgyýet Merdanalygyň belent nusgasy
08.05.2025   268
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   186
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   446
Jemgyýet Talyplar bäsleşdiler
26.12.2025   137
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   143
image