Baý many-mazmuna beslenen wagyz-nesihat duşuşygy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Baý many-mazmuna beslenen wagyz-nesihat duşuşygy

Jemgyýet
13.07.2024  419

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hünärmenleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň müdirleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda guralan çykyşlarda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň ene-atalary bilen yzygider duşuşyp, ýaş nesilleriň boş wagtlarynda peýdaly işler bilen meşgullanmaklaryny, olaryň hemişe gözegçilikde saklanylyp, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, dürli hukuk bozulmalaryň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň niýetlenmedik ýerlerde suwa düşmekleriniň öňüni almak barada hem wezipeler kesgitlenildi we jogapkär adamlar bellenildi. Maslahatyň dowamynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zamana buýsanjyň beýany
07.02.2025   368
Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   402
Jemgyýet BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE
30.08.2025   254
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   152
Jemgyýet Şöhratly taryhyň şaýady
22.12.2025   210
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   123
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
24.07.2026   87
image