Bäsleşigiň welaýat tapgyry
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Jemgyýet
11.05.2024  462

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.

Bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, waspy dünýä ýaň salan halyçylyk sungatymyza, zähmete bolan söýgini kemala getirmek ýaly asylly ýörelgeleri maksat edinýär.

Gurnaklary düzýän okuwçy gyzlar, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny wasp etdiler, haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň belli bir bölegini çitip, nagşy barada gürrüň berdiler. Türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgulary, çeper sahnalary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülçeper Dädemyradowa 1-nji, Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Maýsa Bäşimowa 2-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Garahanowa 3-nji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we ähli gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz  welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   248
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   485
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   107
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.07.2025   212
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   390
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   394
image