Bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi

Jemgyýet
13.09.2024  396

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň umumybilim berýän orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen yglan eden «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň maksady okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri, arassa ahlaklylygy, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy terbiýelemekden we olaryň el işlerine bolan ukybyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Onuň şertlerine görä, okuwçy gyzlar ýerine ýetirýän hünärini hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan milli däpleri, ula hormat goýmak, kiçini sylamak edebini şahyrana wasp etmek, şeýle hem el işlerini ýerine ýetirmek we «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmek hem-de tagam taýýarlamak boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde birinji orna Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary mynasyp bolup, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 23-nji, üçünji orna bolsa 9-njy orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň toparlary mynasyp boldular. Ýeňijiler TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   368
Jemgyýet Ösüşlere beslenen taryhy menzil
25.05.2026   41
Jemgyýet Goşa mukaddeslige sarpanyň beýany
18.05.2026   32
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   298
Jemgyýet Hoşallyga beslenen dabara
19.01.2026   72
Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   331
image