Bäsleşigiň şäher tapgyr
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Bäsleşigiň şäher tapgyr

Jemgyýet
12.02.2023  456

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bagtymyz» atly medeni-köpçülik çäreleriniň alypbaryjylarynyň bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry guramaçylykly geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik örän täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bäsleşigiň maksady dilewar, ugurtapyjy, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, hoşsözli, çylşyrymly pursatlardan baş alyp çykýan, diňleýjileriň göwnüni awlap bilýän ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de şanly senelerimize bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda üstünlikli çykyş eden ýaşlar onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan ýaş alypbaryjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň Hormat hatlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bitarap Diýara hoş geldiň, Täze ýyl!
29.12.2025   166
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   104
Jemgyýet Täze wezipeler kesgitlenildi
16.01.2026   141
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   507
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   426
Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   412
Jemgyýet Täze ýylyň toý döwresi
31.12.2025   161
Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   947
image