Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň arasynda yglan eden «Iň gowy mekdep kitaphanasy» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlenildi.
Bäsleşikde kitaphana işini döwrebap derejede guramakda, mekdep okuwçylaryny kitap okamaga höweslendirmekde tapawutlanan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň kitaphanaçylary ýüze çykaryldy.
Bilşimiz ýaly, bu bäsleşikde bilim edaralarynda kitaphana işleriniň guralyşyny has-da kämilleşdirmek, mekdep okuwçylarynyň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak esasy maksat edinilýär. Bu babatda mekdep kitaphanaçylarynyň alyp barýan işleriniň hem ähmiýeti örän uludyr. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Mährijemal Rejepbaýewa birinji orna mynasyp boldy we degişli derejeli Hormat haty bilen sylaglanyldy. Bu guwandyryjy netijeler ulgamyň ösüşli menzilleriniň rowaçlyklara beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.