Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry

Medeniýet
19.05.2026  68

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplarynda hereket edýän halk teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar özleriniň taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatry «Ussanyň ak patasy», Gubadag etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň başdan geçirmeleri», Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Sallahlar hüjüme geçýär», Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Saňa ýalan, maňa çyn», Şabat etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Söýgi duralgasy», Görogly etrap medeniýet bölüminiň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatry «Şadyýan wäşiler», Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň şorta sözleri», Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Was-wasy» ýaly sahna oýunlary bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýerine ýetirilen oýunlaryň sahna bezegleri onuň mazmunyny we gahrymanlaryň duýgularyny şöhlelendirmekde aýratyn häsiýete eýe boldy. Şunlukda, eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedow baş baýraga mynasyp boldy. Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatrynyň režissýory Täzegül Täçbabaýewa birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Meretguly Amangeldiýew ikinji, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Myrat Gurbannyýazow üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   118
Medeniýet Halkymyzyň buýsanjy
25.10.2023   944
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   636
Medeniýet Ynam
15.03.2024   777
Medeniýet Berkarar döwleti islän şahyr
29.07.2024   703
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   713
Medeniýet Watanyň waspçy gyzy
13.01.2025   463
image