Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, ösdürmekde baý tejribe toplan bilim işgärlerini ýüze çykarmak hem-de olaryň baý iş tejribesini öwrenmek we ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy esasynda her ýylda geçirilýän «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde geçirilen bäsleşige gatnaşan mugallymlar bäsleşigiň şertleri esasynda üç ýylyň dowamynda okuwçylar bilen geçiren göreldeli sapaklarynyň we sapakdan daşary çäreleriniň sapak ýazgysyny we wideo ýazgylaryny, okuwçylar bilen bilelikde işlemegiň esasynda taýýarlan sergilerini we işlerini, gazanan üstünliklerini görkezdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşýan mugallymlar özlerine nätanyş synplarda okuw sapaklaryny guradylar. Sapaklar işjeň ýagdaýda geçip, olarda mugallymlar okuwçylar bilen işjeň usullardan peýdalanyp, özleriniň usulyýet taýdan kämilligini ýüze çykardylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasyndan usulyýet taýdan kämil, köpçülik işlerine işjeň gatnaşýan, guramaçylyk ukyplary ýokary bolan mugallymlar ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Şeýlelikde, baş baýraga Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Çemen Kömekowa ýeňişli orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.