Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry

Jemgyýet
20.02.2026  72

Eziz Diýarymyzda zenanlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, zehin-başarnyklaryny ösdürmek, işe ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, dürli bäsleşikler guralýar. Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

 

Edara-kärhanalarda zähmet çekýän, kesbinden kemal tapyp, tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde hem-de milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyk görkezýän çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly ýagdaýa eýe boldy. Bäsleşigiň esasy maksady dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň gymmatly, baý iş tejribelerini açyp görkezmekden, zähmet adamlarynyň ýaş neslimize görkezýän göreldesini wagyz etmekden ybaratdyr.

Bezemen sahnada bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyz-gelinler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri, türkmen halkynyň özboluşly milli aýratynlyklaryny, berkarar döwletimizde zenanlara goýulýan belent hormaty, olaryň dürli ugurlarda erkana zähmet çekmegi, tikinçilik bilen meşgullanmagy, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleri we olaryň nusgalaryny döwrebap derejede dowam etdirmek we kämilleşdirmek babatda döredilýän mümkinçilikleri wasp etdiler we ýaşlaryň arasynda el işlerine bolan höwesi artdyrmakda alyp barýan işleri barada buýsançly gürrüň berdiler.

Soňra bäsdeş zenanlar bellenen wagtyň dowamynda kiçijik gyzjagaz üçin köýnek biçip we tikip görkezdiler hem-de taýýar köýnegi gyzjagazyň egnine geýdirip, onda ýerine ýetiren işlerini beýan etdiler. Soňra öz tiken eşiklerini geýip, türkmen milli lybaslarynyň çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen waspyny ýetirdiler.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde birinji orna Görogly etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Aky Gurbanowa, ikinji orna Ruhubelent etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Arzuw Berdiýewa, üçünji orna Gubadag etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy Aýlar Bazarbaýewa mynasyp bolup, olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan zenanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda Daşoguz welaýatynyň zenan bagşylarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   184
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   23
Jemgyýet Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary
30.07.2024   404
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   528
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   156
Jemgyýet Dabaraly maslahat
10.11.2025   113
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   275
image