Baş baýramyň şanyna
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Baş baýramyň şanyna

Jemgyýet
09.09.2025  200

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda «Garaşsyzlyk — akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzyly arzuwlarynyň wysaly» ady bilen geçirilen dabara ynsanperwer birleşigiň şahsy we köpçülikleýin agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda guralan  çykyşlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýyllary içinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ugurlary babatda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda uly buýsanç bilen söhbet edildi. Özbaşdaklygymyzyň Ýer ýüzündäki türkmenleri bir supranyň başyna jemlemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Döwrümizi beýgeldýän özgertmeleriň baky berkararlygymyzy pugtalandyrýandygy we döwletimiziň dünýä giňişligindäki ornuny çuňlaşdyrýandygy barada nygtalyp, şeýle döwletli işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Taýagyň düşen ýeri
30.01.2026   130
Jemgyýet Döwletli tutumlara badalga
24.07.2026   63
Jemgyýet Arzyly törleriň bezegi
09.07.2026   60
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   349
Jemgyýet Özgertmeler — döwrüň talaby
24.07.2024   388
Jemgyýet At alsaň, aslyny sora
21.05.2026   100
Jemgyýet «Guşy gonanda tut!»
04.02.2026   136
image