Baş baýrama toý sowgady
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Baş baýrama toý sowgady

Jemgyýet
20.09.2024  449

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze desgalaryňdyr binalaryň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde ýerleşýän etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy hem halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk işgärleriniň yhlasly zähmet çekmegi baradaky aladalarynyň netijesinde gurlan döwrebap bina tutumly toýlaryň dabarasyny arşa göterdi.

Akdepe etrap aragatnaşyk bölüminiň edara binasynyň açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş edenler ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna aýratyn uly üns berilýändigini bellediler. Bu bolsa halkymyzyň kalbynda ajaýyp döwrümize bolan beýik buýsanjy oýarýar.

Soňra bu ýerde täze binanyň gurluşygynda zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň  Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary göwünleri galkyndyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy, galkynyşly döwrümizi wasp edýän buýsançly aýdym-sazlar dabara aýratyn many-mazmun çaýdy.

Soňra myhmanlar täze edara binasyna aýlanyp gördüler. Bu ýerde internet kafe, poçta, aragatnaşyk we «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölümi ýerleşýär. Aragatnaşyk bölüminde işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Iki gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda ilata hyzmat ediş bölümleri ýerleşdirilipdir. Binanyň ikinji gatynda aragatnaşyk, poçta bölümleriniň işgärleri üçin iş otaglary bar. Şeýle hem binada hojalyk bassyrmasy, hyzmat ediş otaglary we beýleki desgalar ýerleşdirilen. Döwrebap binanyň gurluşygy «Daşoguztelekom» Daşoguz welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy.

Dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen aragatnaşyk bölümi  ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin amatly şertleri döredýän kompýuterler we beýleki sanly serişdeler bilen doly üpjün edilipdir.

Täze döwrebap desga açylan pursadyndan ilata hyzmat edip başlady. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurlup, etrabyň bagtyýar halkyna ajaýyp toý sowgady bolan aragatnaşyk bölüminiň täze binasy Andalyp şäheriniň görküne görk goşýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   192
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   253
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   155
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   320
Jemgyýet Çagalar hakdaky alada — mukaddes borç
15.07.2025   309
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   209
image