Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy. Amaly we nazary lukmançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ulgamyň işine öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek babatda uly işler amala aşyryldy. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary, «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy neşiri, «Türkmenistan —melhemler mekany» atly kitaby milli lukmançylygy ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Şolaryň esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda we şypahanalarynda fitoterapiýanyň ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Türkmen tebigatynyň gözellikleri, tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan çäklerinde şypahana ulgamynyň işiniň düýpli özgerdilmegi hem möhüm tapgyrlaryň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen 2022-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýat köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň saglyk abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzda çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde gaznanyň howandarlygynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gysga wagtyň dowamynda müňlerçe çaganyň saglygynyň dikeldilmegi, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna saglygy goraýyş edaralaryna döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy diýseň buýsandyryjydyr.