Baş baýlygyň goragynda
weather dashoguz -0° C Daşoguz

Baş baýlygyň goragynda

Jemgyýet
02.04.2024  124

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, bilimli-terbiýeli, ilhalar, ata-enesine, il-günümize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, sport bilen meşgullanmagy, dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen «Ene mähri» merkezleri, durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň netijesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesi halkara ülňülere laýyk getirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna welaýatlardaky ähli hassahanalaryň çagalar bölümlerine gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler we enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» lukmançylyk awtoulaglarynyň sowgat berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda aýratyn alada edilýändigini alamatlandyrýar.

Şeýle hem dürli dogabitdi kesellerden, ýürek kemisliklerinden ejir çekýän çagalara zerur serişdeleriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alynmagy, kömege mätäç çagalara degişli bejergileriň we operasiýalaryň geçirilmegi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýlarynda BSGG-niň Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege umytlaryny pugtalandyrmaga goşandy üçin ýörite güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir asylly işleriň halkara derejede belent ykrara eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
12.09.2024   69
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   62
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   160
image