Abadan illere, asuda ýurda nur bolup gelipsiň, salam Täze ýyl!
Ynha, ýene-de Täze ýyl abadan illerimizi, döwrebap şäherdir obalarymyzy bagtyýarlyga, baýramçylyk şowhunyna besläp, bereketli türkmen topragyna gadam basdy. Dünýäniň parahatçylygyny, halklaryň abadançylygyny we birek-birege ynanyşmagy şygar edinen Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.
Täze ýyl baýramynyň esasy dabarasy Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Aýdym-sazly dabara şowhunly, täsirli pursatlara baý boldy. Bu ýerde bezelen Täze ýyl arçasynyň älemgoşar öwüşginli çyralary, baýramyň ruhuna kybapdaş reňbe-reň bezegleri bagtyýar ildeşlerimiziň göwünlerini ganatlandyrdy. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Reňbe-reň öwüşginli yşyklar bilen nur saçýan Täze ýyl arçasy, ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan baýramçylyk bezegleri dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döredip, gözel Daşoguz şäheriniň gijeki gözel keşbine has hem görk goşdy.
Ata Watanymyza Täze ýylyň gadam basmagynyň öňüsyrasynda teleköpri arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şadyýan çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Birek-birege aýdylan bu mähirli, buýsançly gutlaglar bütin halkymyzyň täze ýyly jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylaýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Welaýatyň sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, şowhunly çykyşlarynda Täze ýylyň, şeýle hem täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik işleriň tarypy ýetirildi.
Täze ýyl baýramynyň iň tolgundyryjy pursatlaryna şaýat bolýan dabara gatnaşyjylar teleköpri arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny uly buýsanç bilen diňlediler. Soňra 2025-nji ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyza gadam basmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, baýramçylygy has-da dabaralandyrdy. Ol bagtyýar raýatlarymyza sahawatly türkmen topragyna ýene-de bir şanly, bereketli, döwletli-döwranly ýylyň gelendigini buşlady.