Türkmenistan döwletimizde ähli pudaklar bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem durnukly ösüşi üpjün etmek, bank işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ilata ýokary hilli, täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.
Karz edaralarynyň öňünde goýlan şeýle wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar arkaly bank hyzmatlaryny ösdürmek işleri alnyp barylýar.
Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň we kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň artmagy bu ulgamda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. Ýurdumyzyň çäginde bank kartlarynyň giňden ýaýramagy bank ulgamynyň kämilleşmegine, nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegine, pul serişdeleriniň dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna hem-de nagt däl pul dolanyşygyna ilatyň nagt serişdeleriniň çekilmegine itergi berýär.
Häzirki wagtda bankymyz tarapyndan öz müşderilerine, has takygy, şahsy taraplara, hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara dürli görnüşli karzlar berilýär. Oba hojalyk pudagyny karzlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlara melleginde oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasan hem, dolanyşyk serişdelerini edinmek, iri önümçiliklere zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt we nagt däl görnüşinde kiçi möçberli karzlar berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde amala aşyrylýan maliýe özgertmeleri bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge, ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmäge uly ýardam berýär.