Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Ykdysadyýet
17.07.2024  366

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Olaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, maliýe-karz hyzmatlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda sanly innowasion tehnologiýalar arkaly ornaşdyrylan nagt däl hasaplaşyklar ilata döwrebap amatlyklary döretmek bilen birlikde, bank amallarynyň sanynyň artdyrylmagyna, geçirilýän tölegleriň howpsuzlygyna we maliýe serişdeleriniň goraglylygyna öz täsirini ýetirýär.

Bank ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryň çäklerinde «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat we etrapdyr şäher şahamçalarynda oba hojalyk ulgamyndaky edara-kärhanalara, kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna niýetlenen döwrebap bank hyzmatlary hödürlenýär. Häzirki wagtda bank tarapyndan oba hojalyk ulgamynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen, ýeňillikli karz serişdelerini bermek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Şonda müşderilere, daýhan birleşik bilen içerki kärende şertlerinde işleýän kärendeçilere oba hojalyk hyzmatlary we beýleki çykdajylar üçin ýeňillikli karzlar berilýär.

Häzirki wagtda «Mobil-bank», «Internet-bank» hyzmatlary müşderileri bank hyzmatlarynyň elýeterliligi, amatly şertleri bilen üpjün edýär. Bu hyzmatlaryň üsti bilen, müşderiler islendik ýerde we wagtda öz bank serişdeleriniň hasabyny bilmek, bank-maliýe amallaryny, tölegleri geçirmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet «Çeperiň» ilhalar önümleri
31.01.2025   220
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   310
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   98
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   282
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
14.05.2024   291
Ykdysadyýet Gowaça ekişine taýýarlyk
01.03.2025   222
Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   269
Ykdysadyýet Işler talabalaýyk guralar
20.05.2025   165
image