Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan balçylygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem balçylyk bilen meşgullanýan hojalyklaryň sany barha artýar. Olar özleriniň halal zähmeti bilen ilatyň ary balyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Şeýle hojalyklaryň biri-de etrabyň Täzegüýç geňeşliginiň Gumlygala obasynyň ýaşaýjysy Täjibaý Babajanowyň maşgalasydyr. Täjibaý aga 15 ýyldan bäri balçylyk bilen meşgullanyp, ary saklamagyň inçe tärlerini oňat ele almagy başardy.
— Men maşgala agzalarym bilen balarylary idedýärin. Ogullarym Halmyrza, Jamal dagynyň bu işe höwesi juda uly bolup, ata-baba kesp-kärimizi dowam etdirmäge çalyşýarlar. Biz 200 guty balarylaryny idedýäris. Arylara oňat ideg edilende ýokary hilli ary balyny almak bolýar. Häzirki wagtda ýandak güllerinden bal almak möwsümi dowam edýär. Özümiziň päk zähmetimiz bilen ilatyň ary balyna isleglerini kanagatlandyryp, maşgalamyzyň girdejisini-de artdyrýarys — diýip, Täjibaý aga gürrüň berýär.