Baky buýsanjymyz
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Baky buýsanjymyz

Jemgyýet
05.05.2025  243

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar. BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleri, Orta we ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň bütin dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere esaslanan daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de beýleki halkara guramalaryň maslahatlarydyr forumlarynda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, energetika, ekologiýa, suw, ulag ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygyň berkarar edilmegi, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryň berkidilmegi tutuş adamzadyň abadan durmuşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalaryny bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.

Golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä nusgalyk syýasy ugur bolup hyzmat edýändigini dünýä äşgär etdi. Ýurdumyz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar.

Meňzeş habarlar

image