Baky Bitaraplyk — bagtyýarlygyň kepili
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Baky Bitaraplyk — bagtyýarlygyň kepili

Jemgyýet
22.08.2025  344

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Halkymyzyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.

Gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr!» diýen nurana sözler bu gün bagtyýar halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrülýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilen senesinden bäri geçen 30 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Beýik özgertmeleriň giň ýoluna düşen ýurdumyzda il bähbitli durmuşa ornaşdyrylan çözgütler, raýatlaryň zähmet we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunlar, dünýä ölçeglerine doly gabat gelýän täze bilim, saglyk özgertmeleri bu günki gün türkmen halkynyň mertebe buýsanjyna öwrüldi. Ýurdumyzda täze zawod-fabrikler, saglyk we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, täze obalar, şäherler gurulýar, şeýle hem halkara maslahatlary, konferensiýalar, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilip durulýar. Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy halkara derejesindäki özgertmeleriň ajaýyp üstünlikleri bilen utgaşyp gidýär we täze ruhly ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki, Türkmenistan geljege tarap aýgytly gadam urmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ýokary derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi oňyn bitaraplykdyr. Onuň many-mazmuny halky häsiýetlidir. Milletimiz asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdir, beýik Pyragynyň döredijiliginden belli bolşy ýaly, öz döwlet binasyny gurup, saýasynda erkin ýaşmagyň arzuwyny edipdir. Şol nukdaýnazardan, bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak bolup durýar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
19.11.2025   179
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   509
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   393
Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   175
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   220
Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   383
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   210
Jemgyýet Mukaddeslige hormatyň dabaralanmagy
14.03.2026   116
image