Parahatçylyk söýüjiligiň röwşen ýoly
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna beslenen şu ýylda üstünliklere ulaşyp geçýän her bir gün halkymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şöhratly senesine barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almak höwesi bolsa bu günki gün islendik pudakda işleýän zähmet adamynyň baş maksadyna hem köňül küýsegine öwrülýär.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan taryhy senesi, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz döwletimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Şol taryhy gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnama kabul edilipdi. Gojaman taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri dünýä halklary, şol sanda goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostana gatnaşykda bolandyklaryny, döwlet dolandyryşynda parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredendiklerini tutuş aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Şeýle belent ynsanperwer ýörelgeler Garaşsyz döwletimiziň tutuş dünýäde ykrar edilmek hukugyna eýe bolmagyna getirdi. Bu bolsa Bitaraplyk ýörelgesiniň düýp esasyndan gözbaş alýan özboluşly aýratynlykdyr.
Garaşsyz Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda adybir Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek kabul edilmegi bolsa Ýer ýüzüne parahatçylygyň tohumyny sepýän türkmen döwletiniň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky taýsyz tagallalarynyň ýokary netijelerini berendigini doly äşgär etdi. Halkymyzyň Milli Lideriniň başyny başlan beýik işlerini parasatlylyk bilen dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa abadançylygy we azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça başlangyçlarydyr teklipleri bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Şeýle-de ýurdumyz birnäçe abraýly halkara guramalaryň agzalygynda Bitaraplyk derejesine esaslanyp, diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde sazlaşykly ykdysady ösüşiň hem-de parahatçylygyň pugtalanmagyna öz saldamly goşandyny goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran resmi iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly möhüm Kararnamanyň kabul edilendigi barada hoş habaryň aýdylmagy ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ornunyň barha çuňlaşýandygyny doly açyp görkezdi.
Döwlet berkararlygymyzyň berk sütünleriniň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemezligi geljekde hem diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi rowaçlandyrmakda möhüm guraldyr.
Halkymyzyň, şol sanda dünýä jemgyýetçiliginiň parahat ýaşaýşy üçin belent başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!