Bitaraplyk ýörelgesi — parahatlyk pelsepesi
Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden başlap, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Sebitiň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Bilşimiz ýaly, taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da türkmen halky parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, güneşli Diýarymyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Ata Watanymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça oňyn çözgütleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde yglan edilmegi, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem şu ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlarda ýurdumyzyň gün tertibindäki dört ugry, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler boýunça ugurlary goldamak barada karara gelnendigi nygtaldy.
Indi üç onlugy arka atyp barýan türkmen Bitaraplygynyň hukuk derejesi diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň ygtybarly binýady bolup durýar. Halkara hukugyň üýtgewsiz ýörelgelerini, parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýän hemişelik Bitaraplygymyz ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi täze netijeli dialog we gepleşik meýdançalaryny döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Türkmenistan döwletimiz ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmünde çykyş edýär.