Baky bagtyýarlygyň binýady
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Baky bagtyýarlygyň binýady

Jemgyýet
15.05.2026  44

Her ýylyň 18-nji maýynda uludan bellenilýän, halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň mizemezliginiň binýadyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni döwrümiziň belent döredijilik ruhuny, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, döwürleriň we nesilleriň taryhy arabaglanyşygyny şöhlelendirýär. Al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyz millet hökmünde mertebelenmegimizi şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkymyzyň kalbynda beslän isleg-arzuwlary, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Konstitusiýamyz birnäçe gezek kämilleşdirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeklige bildirilýän ýörite talaplar, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzyň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmeklige gönükdirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy aýratynlygy, onuň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun taýdan kepillendirilmeginden ybaratdyr. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. Bu hakykat döwletimiziň gurluşynyň esasy ýörelgesidir. Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilendir. Esasy Kanunymyza laýyklykda, her bir adamyň şahsy, syýasy-jemgyýetçilik, sosial-ykdysady konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga bolan hukuklary bardyr. Hukuklar bilen bir hatarda, onuň jemgyýetiň we döwletiň öňündäki borçlary hem kesgitlenýär: «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr».

Her bir milletiň, her bir döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlary bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, asudalygyny we halkymyzyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, mertebesini şöhlelendirýär. Her bir halkyň milli baýdagynda saýlanyp alnan we ýerleşdirilen şekillerdir reňkler şol milletiň milliligini, milli aňyýetini, ynanjyny, däp-dessurlaryny aňladýar.        

Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan goralýandyr. Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi döwletimiz tarapyndan üns merkezinde saklanylýar. Kanunlaryň berk berjaý edilýän ýerinde bolsa, üstünliklere we rowaçlyklara giň ýol açylýar. Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň kämilleşdirilmegi döwrebaplaşdyrylmagy jemgyýetimizi gurşap alýan özgertmeler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine getirýär, häzirki we geljekki nesillere baky bagtyýarlygyň binýadyny üpjün edýär.

«Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, 2018-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni utgaşykly bellenilip geçilýär. Bu goşa mukaddeslikleriň baýramynyň bilelikde bellenilmegi döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
29.10.2025   128
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   429
Jemgyýet Ulgam ösüş ýolunda
06.11.2024   374
Jemgyýet Kitap — köňül syrdaşym
03.06.2025   225
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   461
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   385
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.02.2026   76
Jemgyýet Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly
30.10.2025   147
image