Baky bagtyň mekany
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Baky bagtyň mekany

Jemgyýet
16.02.2026  151

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde «Türkmenistan — baky bagtyň mekany» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Oňa etrabyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň agzalary hem-de şu mekdebiň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, döwletimiziň beýik ösüşlere beslenýändigi, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi beýan edildi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar bedew batly ösüşlere beslenýän Watanymyzyň halkara abraýyny artdyryp, ýurdumyzyň nusgalyk ösüşlerini dünýä ýüzünde tanatmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   372
Jemgyýet Baýramçylygyň taryhy
21.12.2024   401
Jemgyýet Halypa tüýdükçi bilen duşuşyk
26.02.2025   355
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   362
Jemgyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar
03.04.2024   475
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   414
image