Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý toýuny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Garaşsyzlyk — baky bagtyň binýady» atly şygar bilen Daşoguz şäherindäki Ýaşlar merkezinde geçirilen maslahata döredijilik işgärleri, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisiniň ýurdumyzyň berkararlyk binýadyny has-da pugtalandyrýandygy, munuň anyk mysallarynyň döwrümize şan berýän taryhy işleriň mazmunynda aýdyň beýanyny tapýandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň edildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her gününde bolup geçýän wakalaryň bolsa şanly toýumyza ajaýyp sowgat hökmünde şöhratlanýandygy, şeýle hem halkymyzyň ösen ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýändigi nygtalyp geçildi. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ýurdumyzyň baş baýramyna ýokary derejede taýýarlykly barylýandygy aýdylyp, halkymyzyň hem döwletimiziň gülläp ösüşleri, abadan durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň atlaryna hoşallyk sözleri beýan edildi.
Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlarynda baky bagtyýarlygyň, döwlet berkararlygymyzyň, il-ýurt bähbitli beýik işleriň waspy ýetirildi.