Baky bagtyň binýady
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Baky bagtyň binýady

Jemgyýet
19.05.2025  296

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen baky Bitarap ýurdumyzyň abraý-mertebesi bu günki gün has-da belende göterilýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň asylly içeri we daşary syýasaty uly goldawa eýe bolýar. Şunuň netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, abadançylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri ösdürilýär, dünýä döwletleriniň arasyndaky dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy pugtalandyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ägirt uly üstünliklere, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň bütin dünýäde goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige, jebislige, hoşniýetli gatnaşyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan beýik taglymatdyr. Bitaraplyk taglymatynyň esasynda Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy
25.10.2025   181
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   438
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   428
Jemgyýet Ýagşylyk ýörelgesi
04.06.2026   93
Jemgyýet Hoşallyk maslahaty
04.07.2026   89
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   345
Jemgyýet Sünnäli işiň söhbedi
02.05.2026   105
image