Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Işlemäge we ýaşamaga, medeniýetli dynç almaga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan bina-desgalar, ýaşaýyş jaýlary diňe bir şäher derejesinde däl, eýsem, obalarda hem gurlup ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, bu günki gün obalar şäher bilen bäsleşýär, oba ýaşaýjylarynyň döwre gatnaşygy pugtalanýar.
Şeýle obalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň çäginde ýerleşýän Amyderýa geňeşliginiň obalaryny hem mysal getirmek bolýar. Geňeşligiň çägini 8 sany oba düzüp, olar Tutlyýap, Öküzýap, Burkutýap, Çägeli, Aýlak, Rowaçlyk, Mäter, Ýylangyr diýlip atlandyrylýar. Umumy 19410 ilaty bolan obalar bu günki gün tutuş barlygy gurşap alan bagtyýarlykdan görklenip, ýaşamak, işlemek, döretmek hem gurmak üçin ähli amatlyklara, gözel keşbe beslenip otyr. Oba ilaty Oba milli maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýan işleriň, döredilýän şertleriňdir amatlyklaryň netijelerinden ruhlanyp bagtyýar ýaşaýar, belent maksatlaryň nurana ýoly bilen öňe barýar.
Geňeşligiň çäginde 7 sany umumybilim berýän orta mekdep, 6 sany oba saglyk öýi hem-de 1 sany oba saglyk merkezi, 4 sany dükan, 2 sany telekeçileriň hyzmat ediş nokady hereket edip, olarda oba ýaşaýjylarynyň abadan durmuşy üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilen.
Degişli maksatnamada bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda hem ýerlerde uly işleriň amala aşyrylýandygy obalaryň çägine nazar aýlanyňda mesaňa görnüp dur. Ýylangyr obasynyň çäginde ýerleşýän 52-nji orta mekdep, Öküzýap obasynyň çägindäki medeniýet öýi häzirki zamanyň talaplaryna jogap berýän derejede gurlup, olarda bilim hem medeniýet ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda tutanýerli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky tutumlaryň esasynda, geňeşligiň çäginde özleriniň ukyplary, başarnyklary esasynda halka dürli görnüşli hyzmatlary edip, halal hem tutanýerli zähmet çekýän telekeçileriň sany barha artýar. Bu hem bazar bolçulygynyň üpjün edilmegine, wagtyň sarpaly peýdalanmagyna hem-de halkyň isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna uly mümkinçilikleri berýär. Geňeşligiň çäginde ilatyň ösen döwrüň derejesine laýyk ýaşamagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Ýylangyr, Çägeli, Rowaçlyk obalarynyň çäginde elektrik geçirijilerini düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Ýollara daş, asfalt düşemek, olary abatlamak işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, ilatyň durmuş abadançylygy pugtalandyrylýar.
Taryhy döwrüň döwletli tutumlaryndan görklenip, tutuş barlyga ajaýyp görnüşleri bilen dolup oturan obalarda bagtyýarlyk gaýnap joşýar. Ir ertirden başlanýan hereket dürli ugurlar boýunça tä giç agşama çenli dowam edip, döwletli ojaklara bereket bolup dolýar. Muňa geňeşligiň çägi bilen tanşanymyzda has anyk göz ýetirdik. Çünki oba ýaşaýjylarynyň öz öňlerinde goýan belent maksatlaryna tarap urýan batly gadamlarynda özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp iş bilen jogap bermek hyjuwy dolup daşýar. Bu bolsa ýurdumyzda halkymyz, şol sanda oba ilaty hakynda edilýän ýadawsyz aladalaryň ýerlerde doly dabaralanýandygynyň durmuş hakykatyny açyp görkezýär.